"Gresiýa huntaçylara hemaýatkärlik edýän ýurt ýagdaýyna geldi"

ÝB ministri Ömer Çelik Gresiýanyň huntaçylara hemaýatkärlik edýän ýurt ýagdaýyna gelendigini aýtdy

990303
"Gresiýa huntaçylara hemaýatkärlik edýän ýurt ýagdaýyna geldi"

Hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat beren Çelik Gresiýaly ýolbaşçylaryň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygyna gatnaşandan soň şol ýurda gaçan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agzasy bolan 8 huntaçynyň 18 aýlyk göz tussaglygy möhlediniň tamamlanandygy sebäpli boşadylandygyny aýtdy.

Çelik Gresiýaly ýolbaşçylaryň ozal agdarlyşyk synanşygyna garşy tutum alyp barýandyklaryna garamazdan soň käbir ýurtlaryň sözlerine gulak asmaga başlandyklaryny belledi.

Gresiýa tarapyndan huntaçylaryň boşadylmagyna garşylyk görkezen Çelik, “Gresiýa huntaçylara hemaýatkärlik edýän ýurt ýagdaýyna geldi. Siziň hemaýat astyna alanlaryňyz NATO agza ýurduň ýaragly güýçlerine garşy ot açdylar. 15-nji iýul biziň üçin ýönekeý waka däl. Bu Gresiýa bilen gatnaşyklarymyza zeper ýetirip biler” diýdi.

Ministr Çelik huntaçylaryň boşadylmagynyň kanunlara hem bap gelmeýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar