ABŞ-da ýaşaýan türk saýlawçylary ses bermäge başlady

ABŞ-da bellige alynan 106 müňden gowrak saýlawçy bar

989468
ABŞ-da ýaşaýan türk saýlawçylary ses bermäge başlady

ABŞ-da ýaşaýan türk saýlawçylary 24-nji iýunda geçiriljek prezident we halk deputaty saýlawlary üçin ses bermäge başlady.

Türk raýatlary Türkiýäniň Nýu Ýork şäherinde ýerleşýän Baş konsullugynda gurlan saýlaw merkezinde şu gün ir sagat 09.00-dan başlap ses bermäge başlady.

ABŞ-da bellige alynan 106 müňden gowrak saýlawçy Nýu Ýorkdaky, Waşingtondaky, Bostondaky, Maýamidäki, Hýustondaky, Çikagodaky we Los Anželesdäli wekilhanalarda şu günden başlap 17-nji iýuna ýekşenbe gününe çenli sagat 09.00-dan-21-e çenli ses bererler

 



Degişli Habarlar