Erdogan saýlawlaryň netijeleriniň yraklylar üçin düşümli bolmagyny arzuw etdi
Erdogan Yrakda geçirlen saýlawda iň köp ses alan Sairun hyzmatdaşlygynyň lideri Sadra telefon edip saýlawda gazanan üstünlikleri bilen gutlady

Prezident R. T. Erdogan Yrakda geçirlen saýlawda iň köp ses alan Sairun hyzmatdaşlygynyň lideri Mukteda As Sadra telefon edip saýlawda gazanan üstünlikleri bilen gutlady.
Mukteda As Sadra düýn agşam telefon eden Prezident Erdogan Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň ýeňilişe sezewar edilmeginden soň 12-nji maýda geçirlen saýlawlaryň netijeleriniň yraklylar üçin düşümli bolmagyny arzuw etdi.
Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Yragyň jebisligine we bitewiligine goldaw berýändigini nygtady we täze hökümetiň gurulmagynda Mukteda As Sadra üstünlük arzuw etdi.
Yrakly türkmenleriň Kerkukdaky saýlawlarynda käbir galplyklaryň edilendigini we türkmenleriň hak-hukuklarynyň basgylanmagyna sebäp bolunandygy hakynda durup geçen Erdogan Mukteda As Sadrdan şol galplyklaryň anyklanylmagy we ortadan aýrylmagy üçin degişli goldawy bermegini isledi.
Mukteda As Sadr hem Yrakda türkmenler bilen birlikde ähli gatlaklaryň hak-hukuklarynyň goraljakdygyny belledi.