Balkanlarda asly türk topar tarapyndan Preziden Erdoganyň janyna kast ediljekdigi öňe sürüldi

"Erdoganyň özüne abanýan ölüm howpundan gorkmaýar"

974723
Balkanlarda asly türk topar tarapyndan Preziden Erdoganyň janyna kast ediljekdigi öňe sürüldi

Balkanlarda asly türk topar tarapyndan Preziden R. T. Erdoganyň janyna kast ediljekdigi öňe sürüldi

Gelip gowşan habardan soň Prezident Erdoganyň ertir Bosniýa-Gersogowina gurajak saparynyň öňüsyrasynda milli razwetka gullugy bilen howpsyzlyk güýçleri işe girişdi.

Makedoniýanyň paýtagty Skopýada ýaşaýan türklerden ýerli razwetka gullugyna, Günbatarly razwetka gulluklaryndan hem Türkiýäniň merkezi howpsyzlyk gullugyna “Öňümizdäki günlerde Balkanlara gurajak saparynyň çäginde asly türk topar tarapyndan Erdoganyň janyna kast edilmegi üçin taýarlyk görülýändigi” habarlary gelip gowuşdy.

Hüjümiň guralyp bilinjek ýeri barada anyk maglumat bolmasada, howpsyzlyk güýçleri meseläniň giňişleýin barlanmagy üçin işe girişdi.

Beýleki tarapdan Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag mesele barada beren beýanatynda Prezident R. T. Erdoganyň özüne abanýan ölüm howpundan gorkmaýandygyny aýtdy.

Wise-premýer Bozdag “Erdogan ölüm howpundan gorkýan, ýolundan we gowgasyndan ýüz öwürýän biri däl. Şu günkü güne çenli muny bilmeýänlar akmak bolsa gerek” diýip belledi.

Hökümetiň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag “Beýik Biribaryň ýardam bermeginde , ezizm halkymyzyň dogasy bilen Prezidentimiz R. T. Erdogan aýgytly ädimler bilen öz ýoluna dowam eder” diýip belledi.



Degişli Habarlar