Türkiýe Ysraýylyň Palestinanyň halkyna eden gyrgynçylygyndan soň diplomatiýa taýdan işe girişdi

Türkiýe düýn Ysraýylyň Palestinanyň halkyna eden gyrgynçylygyndan soň diplomatiýa taýdan işe girişdi

971344
Türkiýe Ysraýylyň Palestinanyň halkyna eden gyrgynçylygyndan soň diplomatiýa taýdan işe girişdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmeginden we Gaza serhedinde başdan geçirlen wakalardan soň Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýsem Al Safedi, Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi, Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif we Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Ýusuf Bin Ahmed Al Useýmin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň kabul eden kararyna laýyklykda ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny düýn resmi taýdan Iýerusalime göçürmegi sebitde dartgynlyga sebäp boldy.

Ysraýylly esgerler ABŞ-nyň Iýerusalimde ilçihana açmagyna garşy Gaza serhedinde guralan protest ýörişine gatnaşan 59 palestinalyny şehit etdi, 2700-den gowrak adamy hem ýaralady.

Ysraýylyň Palestinalylara garşy hüjümine garşylyk görkezen Türkiýe, şehit palestinalylar üçin 3 günlük milli ýas yglan etdi.



Degişli Habarlar