Erdogan: "Ellerinde palestinalylaryň gany bar" diýdi

Prezident Erdogan özüne garşy Twitteriň üsti bilen esaslandyrylmadyk hatlar ýazýan Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýaha: "Ellerinde palestinalylaryň gany bar" diýip jogap berdi

971743
Erdogan: "Ellerinde palestinalylaryň gany bar" diýdi

Erdogan Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda Netanýahunyň goragsyz bir halkyň topraklaryny basyp alan bir döwletiň premýer ministridigini belledi. 

Erdoganyň özi barada "Öldürmegi gowy bilýär" diýen Netanýahuny göz öňünde tutup: "Netanýahu goragsyz bir halkyň topraklaryny BMG-nyň kararlaryna äsgermezçilik edip, 60 ýyldan gowrak wagt bäri gabaw astynda saklaýan rasist bir döwletiň premýer ministridir. Netanýahunyň elinde palestinalylaryň gany bardyr we ony Türkiýä sözli hüjüm gurap bukyp bilmez. Adamzat babatynda ders almak isleýäňmi? 10 buýrugy oka" diýdi.

 



Degişli Habarlar