Erdogan: “DAIŞ-e garşy iň täsirli göreşi Türkiýe alyp bardy” diýdi

Prezident Erdogan terror guramasy DAIŞ-e garşy iň täsirli göreşi Türkiýäniň alyp barandygyny nygtady

970384
Erdogan: “DAIŞ-e garşy iň täsirli göreşi Türkiýe alyp bardy” diýdi

Erdogan resmi sapar bilen giden Britaniýanyň paýtagty Londonda Chatham House guramasynda çykyş etdi.

Erdogan: “DAIŞ-e garşy iň täsirli göreşi Türkiýe alyp bardy. Terror guramasy bilen aragatnaşykda bolan 6 müň 200 adamy ýurtdan çykardyk. Serhetde terror koridoryny emele getirmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e göreşimize garşy bolanlar, özlerini hem hyzmatdaşymyz hem-de terrora garşy bolan ýurtlar ýaly görkezdiler” diýdi.

Türkiýäniň Siriýanyň territorial bütewiligi babatynda iň ak ýürekli ýurtdygyny aýdan Erdogan: “Türkiýedäki 3,5 million siriýaly bosgunyň öýlerine gaýdyp barmaklarynyň ýeke-täk ýoly, bu ýurdyň howpsyz ýagdaýa getirilmegidir” diýdi.

Britaniýa bilen birlikde ähli ýurtlardan terrora garşy göreş babatynda goldawa garaşýandyklaryny aýdan Erdogan: “Biz öz sebitimizde krizisleriň hötdesinden gelmäge synanyşýan mahalymyz, Günbatarda howply bir etap alynyp barylýar. Ýewropanyň ortasynda adamlar ynançlary sebäpli çetleşdirilýär” diýdi.

Sebitiň asudalygy üçin Eýranyň konstruktiw goşantlaryndan peýdalanmakda bähbit görendiklerini aýdan Erdogan: “Eýran bilen ýola goýuljak gowy gatnaşyklar Yragyň gelejegi taýdan hem möhümdir. Eýranyň ýadro programmasy babatynda orta goýan hereket meýilnamasy diplomatik üstünlikdir. Halkara Atom energetika agentliginiň hasabatynda Eýranyň şertnamanyň düzgünlerini berjaý edýändigi bellenip geçilýär” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Britaniýa , #DAIŞ

Degişli Habarlar