Daşary ýurtly talyplara işläp bilmekleri üçin mümkinçilik dörediler...

Daşary ýurtly talyplara iş rugsady beriler...

969416
Daşary ýurtly talyplara işläp bilmekleri üçin mümkinçilik dörediler...

Prezident Erdogan Stambulda Halkara talyplaryň duşuşygynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Türkiýede bilim alýan daşary ýurtly talyplary 2 zat bilen buşlady.

Erdogan: “Daşary ýurtly talyplara iş rugsady beriler. Daşary ýurtly talyplar Umumy saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmanyň düzümine giriziler. 115 müň talyba ýaşaýyş rugsatnamasy beriler” diýdi.

Şoňa laýyklykda Türkiýedäki 115 müň myhman okuwçynyň ählisi ýaşaýyş rugsatnamalaryny Migrasiýa gullugyna gitmän, öz uniwersitetlerinden alarlar.

Erdogan: “Öňler daşary ýurtly talyplara iş rugsady berilmeýärdi. Ýakynda hem talyplar hem-de uçurym bolanlar üçin Iş rugsatnamasy meselesi ortadan aýrylar” diýdi.

Erdogan: “Ýurdumyza gelen daşary ýurtly talyplarymyz mundan beýläk ozalkylar ýaly 3 aý garaşman göni şol bada Umumy Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmanyň düzümine goşulyp bilerler” diýdi.

Daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýändiklerini aýdan Erdogan: “Ýurdumyzda Türkiýe Talyp haklary atly programmanyň üsti bilen ýurdumyza gelen we öz hasabyna okaýan 115 müň daşary ýurtly talyp bar. Dünýäniň ähli ýerinden talyplarymyz bar. Maksadymyz ýurdumyzdaky daşary ýurtly talyplaryň sanyny 350 müňe ýetirmek” diýip belledi.



Degişli Habarlar