Türkiýäniň Prezidenti Özbegistanyň Parlamendinde çykyş etdi

R.T. Erdogan Özbegistanda özüni Ata Watanynda ýaly duýýandygyny belledi

961519
Türkiýäniň Prezidenti Özbegistanyň Parlamendinde çykyş etdi

Daşkentde saparda bolýan Erdogan saparynyň çäginde özbek Parlemendinde çykyş etdi.

Çykyşynda: "Ata Watanymyzda özümi öýümde ýaly duýýaryn" diýen Erdogan: "Şu gün 25 şertnama gol çekişdik, şu günki güne çenli Özbegistan munça köp şertnama gol çekmedi" diýdi. 

Köňülleriň arasyna serhet goýup bolmajakdygyny aýdan Erdogan: "Ýürekleri bir bolanlar üçin uzaklygyň hiç hili manysy ýokdyr. Biziň ynanjymyzda doganlyk iň uly hazynadyr. Özbegistanyň garaşsyzlygyna ýaňadandan eýe bolmagy özbek doganlarymyz ýaly türk milleti üçin hem buýsanç çeşmesi boldy" diýdi. 

Ýer asty we ýer üsti baýlyklary bilen Özbegistanyň bereketli topraklara eýedigini aýdan Erdogan: "Bu ýerlerden ähli zat çykar. Tagalla etsek bolýar. Özbegistanyň bu beýgeliş zamanasynda Türkiýe islendik goldawy bermäge taýardyr. Şewket Miramanowiç Mirziýoýew doganyma türk raýatlaryna wiza erkinligi bilen üpjün edendigi üçin ýenede bir gezek sag bolsun aýdýaryn" diýdi. 

 



Degişli Habarlar