Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşarlar

Daşary işler ministrligi Astana platformasynyň hemaýatkärleri bolan Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň şenbe güni Russiýanyň paýtagty Moskwada duşuşjakdyklaryny habar berdi

958843
Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşarlar

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň rus kärdeşi Sergeý Lawrow we eýranly kärdeşi Jawad Zarifiň 28-nji aprelde Moskwada duşuşjakdyklary nygtalýar.

Beýannamada; “Maslahatda Astana mehanizminiň çäginde dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň ähli taraplary seljeriler we mundan beýläk ediljek başlangyçlar ara alynyp maslahatlaşylar” diýilýär.

Astana tapgyry Siriýadaky dartgynlygyň çözülmegine goşant goşmak maksady bilen üç ýurduň başlangyjy boýunça ilkinji gezek 2017-nji ýylyň ýanwarynda Gazagystanyň paýtagty Astanada başladylypdy.

Çawuşoglu, Lawrow we Zarif soňky gezek 15-nji martda Astanada geçirilen Siriýa temaly maslahatda duşuşypdy.

 



Degişli Habarlar