Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym çagalary kabul etdi

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň 23-nji apreli her ýyl dünýäde çagalara bagyşlanan baýram hökmünde belläp geçýän we dünýäniň ähli çagalaryna peşgeş eden bir ýurtdygyny beýan etdi

957111
Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym çagalary kabul etdi

Binali Ýyldyrym 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli Çankaýa köşgünde çagalary kabul etdi.

Ýyldyrym öz ýerini 5-nji synp okuwçysy Esma Didesu Tüşýürege berdi.

Binali Ýyldyrym Çankaýa köşgünde Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan zalda çagalary kabul etdi.

Bilim ministri Ismet Ýylmazyň hem gatnaşan kabul edilşikde çagalar ministrleriň ýerlerine otyrdylar.

Binali Ýyldyrym ol ýerde eden çykyşynda: “Siz örän bagtly. Siz ýaly bagtly bolup bilmeýän Siriýada we Yrakda çagalar bar. Ýaraglaryň arasynda, söweşiň ortasynda ezýet görýän, enesini-atasyny ýitiren çagalar bar. Nesip bolsa olar hem Türkiýäniň goldawy bilen bu kynçylyklaryň hötdesinden geler. Sebäbi olara hem biz gujak açýarys. Ýurdumyzda olara hem ýaşamaklary üçin mümkinçilik döredýäris. Mekdeplere gidip bilmekleri üçin şert döredýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar