“Türkiýä abanýan howpyň gözbaşynda strategik hyzmatdaşlarymyz bar”

Prezident Erdogan hususy telewideniýe kanalynda möhletinden irki saýlawlar we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berdi

956412
“Türkiýä abanýan howpyň gözbaşynda strategik hyzmatdaşlarymyz bar”

Prezident R. T. Erdogan hususy telewideniýe kanalynda möhletinden irki saýlawlar we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berdi.

Prezident Erdogan Günbatarly ýurtlar tarapyndan abanýan howplar sebäpli saýlawlaryň möhletinden ir geçirilmegi babatynda kararyň kabul edilendigini belledi.

“Türkiýä abanýan howpyň gözbaşynda strategik hyzmatdaşlarymyz bar” diýen Prezident Erdogan “Siriýanyň demirgazygyndaky harby bazalar eýsem kime garşy? ABŞ terror guramalaryna ýarag we harby enjam kömegini berýär. ABŞ Siriýanyň demirgazygyna 5 müň konteýner bilen ýarag ýollady. Biz pulumyz bilen ABŞ-dan ýarag alyp bilmeýäris. Emma gynansakda ABŞ, hyzmatdaş güýçleri terror guramasyny ýarag bilen üpjün edýär. Diýmek bize abanýan howpyň gözbaşynda strategik hyzmatdaşlarymyz bar. Siriýadan howp abanmaga dowam edýär” diýdi.

Prezident Erdogan Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň dowam edýän günlerinde saýlawyň geçirilmegini tankyt edýänlere hem jogap berdi.

Prezident Erdogan saýlaw etabynda haýsydyr bir kynçylygyň başdan geçirilmejekdigini aýratyn belledi.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynda hem ähli partiýalaryň saýlaw kampaniýalaryny geçirjekdigini aýdan Erdogan, ABŞ tarapyndan bu meselede berlen beýanatlara bolsa ähmiýet bermeýändiklerini nygtady.

Prezident Erdogan “ABŞ-da geçirlen saýlawlardaky  galplyklar bizde bolmaýar” diýip belledi.

Prezident Erdogan saýlaw kampaniýasynyň çäginde daşary ýurtlaryň birinde türk raýatlaryna ýüzlenip çykyş etjekdigini mälim etdi.

Terrora garşy alnyp barylýan göreş barada hem maglumat beren Prezident Erdogan, soňky 3 ýylda ýurduň içinde we daşary ýurtda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 16 müň 650-ä ýetendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar