Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy resmi sapar bilen Ankara geldi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ismail Kahraman resmi sapar bilen Ankara gelen Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy Talat Jaferi bilen duşuşdy

955040
Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy resmi sapar bilen Ankara geldi

Ismail Kahraman duşuşykda Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy Jaferiniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti Mejlisde kabul etmekden hoşaldygyny aýtdy.

Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy Talat Jaferi hem saparynyň iki ýurduň arasyndaky ýokary gatnaşyklaryň görkezijisidigini nygtady.

Jaferi Makedoniýanyň NATO we ÝB-ne agza bolmagy üçin berýän goldawlary sebäpli Türkiýä sag bolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar