Türkiýede 24-nji iýunda möhletinden irki saýlawlar geçiriler

Prezident Erdogan möhletinden irki saýlawlaryň 24-nji iýunda geçiriljekdigini mälim etdi

954307
Türkiýede 24-nji iýunda möhletinden irki saýlawlar geçiriler

Erdogan Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen Prezident kompleksinde duşuşyk geçirdi.

Erdogan duşuşykdan soň geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynda Bahçeli bilen netijeli gepleşik geçirendiklerini habar berdi.

Prezident Erdogan: “Türkiýe entegem 16-njy aprelden soň köne diýip häsýetlendirýän ozalky ulgam bilen dolandyrylýar. Prezident bilen hökümediň arasynda mesele ýüze çykmaýan ýaly bolup görünsede ozalky ulgamyň kemçilikleri özüni belli edýär. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen saýlawlara çenli dişimizi sykmagyň tarapdarydyk. Emma hem Siriýada geçirýän serhedaşa operasiýamyz, hem-de Siriýa we Yrak sebäpli başdan geçirilýän sebitleýin hadysalar Türkiýäniň iň gysga wagtda näbellilikleriň hötdesinden gelmek hökmany ýagdaýa geldi” diýdi.

Erdogan: “Ýurdumyzyň başyndan geçirýän meseleleri sebäpli Dewlet Bahçeliniň teklibine oňyn garadyk. Saýlaw meselesini ýurdumyzyň gün tertibinden iň gysga wagtda aýyrmagymyzy hökmanydyr. Saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi barada karara geldik. Milletimiz üçin bähbitli bolsun diýýäris” diýdi.

Mesele bilen baglanşykly kanuny etabyň iň tiz wagtda başladyljakdygyny aýdan Erdogan Ýokary saýlaw geňeşiniň saýlaw taýarlyklaryna iň gysga wagtda başlajakdygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar