Erdogan Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bilen Merkel özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

952870
Erdogan Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Merkel telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Siriýanyň hökümetiniň 7-nji aprelde Dumada himiki ýarag ulanmagy sebäpli ABŞ, Britaniýa we Fransiýa tarapyndan şenbe güni guralan howa hüjümi barada hem pikir alyşan Erdogan bilen Merkel, Siriýanyn terrritorial bitewiliginiň goralmagy we syýasy etabyň netijeli bolmagy üçin tagalla edilmelidigini nygtady.

 



Degişli Habarlar