Erdogan PÝD-ÝPG-e goldaw berýän Günbatara ýene-de bir gezek duýduryş berdi

Türk lider ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG-e goldaw berýän Günbatar ýurtlaryna ýene-de bir gezek duýduryş berdi

949937
Erdogan PÝD-ÝPG-e goldaw berýän Günbatara ýene-de bir gezek duýduryş berdi

Erdogan Ankara Kaýaş otly bekedinde geçirilen Başkentraýyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçdi.

“Siriýadaky operasiýalarymyz Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň basyşyndaky millionlarça adamyň howpsyzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýen Erdogan: “Siriýadaky her tarap üçin howpsyzlyk ýola goýulýança çenli ol ýerde bolarys. DAIŞ-e garşy hakyky göreşi diňe Türkiýe alyp bardy. Her tarap tapawutly maksatlar üçin DAIŞ-e ulandy. PÝD ýaly eli ganly bir gurama DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen sebite iberildi. Günbataryň ençeme ýurdyň baýdaklary bularyň taňklarynyň ýanynda gabat gelindi. Halas edip biljekdiklerini pikir edýän bolsalar ýalňyşýarlar” diýip belledi.

Erdogan operasiýanyň çäginde şu günki güne çenli 4123 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Siriýanyň demirgazygynda Günbatarly ýurtlaryň kömegi bilen barlygyny dowam etdirýän PKK/PÝD-ÝPG-e garşy göreşiň dowam etjekdigini aýdan Erdogan: “Şeýle ýa-da beýle ýok ederis. Hyzmatdaş ýurtlaryň esgerlerine garşy ýaragymyzy çenemeris. Emma hyzmatdaş ýurtlaryň esgerlerine bularyň ýanynda köp durmazlygyny maslahat berýäris. Siriýada her tarapyň maskasyny aýrymagyny we bolşy ýaly görünmeklerini isleýäris” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Kaýaş , #operasiýa

Degişli Habarlar