Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3991-e ýetdi

Afrinde mina we partlaýjy maddalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi işleri hem güýçli depginde dowam edýär

946338
Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3991-e ýetdi

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3991-e ýetdi.

Baş ştab Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini habar berdi.

Operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3991-e ýetdi.

Afrinde mina we partlaýjy maddalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi işleri hem güýçli depginde dowam edýär.

Operasiýanyň başlan gününden bäri 102 mina we elde ýasalan 739 partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy.

 



Degişli Habarlar