Agryda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylaryň 12-nji martda esger Göksel Koçuň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi guran terrorçylardygy nygtaldy

946210
Agryda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Agry dagynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralan howa hüjüminde, hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýat häkimliginden berlen beýanata görä, Agry dagynda geçirlen operasiýada  serhetýakasynda harby güýçlere we raýatlara garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçy toparynyň bardygy anyklanyldy.

Terrorçylara garşy guralan howa hüjüminde 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçylaryň 12-nji martda esger Göksel Koçuň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi guran terrorçylardygy nygtaldy.

Terrorçylaryň ýerini anyklan esgerleriň, howa hüjümiň öňüsyrasynda soňky günlerde Eýranyň üstü bilen bikanun ýagdaýda Türkiýä gelýän Owganystanyň we Pakistanyň raýatlaryny tussag etmek üçin sebitde iş alyp barýandygy bellenildi.



Degişli Habarlar