Türkiýäniň Premýer ministri Mongoliýa sapar gurar

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym şu gün resmi sapar bilen Mongoliýa gider

944379
Türkiýäniň Premýer ministri Mongoliýa sapar gurar

Premýer ministrligiň Metbugat bölüminden berilen beýanata görä Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň Mongoliýanyň Premýer ministri Khurelsukh Ukhnaanyň çakylygyna laýyklykda 5-8-nji aprel aralygynda Mongoliýada saparda bolar.

Saparynyň çäginde ýurdyň paýtagty Ulan-Batorda Mongoliýanyň Premýer ministri Ukhnaa bilen ikiçäk we toparara gepleşikler geçirjek Binali Ýyldyrym Mongoliýanyň Döwlet baştutany Khaltmaa Battulga we Mongoliýanyň Mejlisiniň başlygy Miýegombo Enkhbold bilen hem duşuşyk geçirer.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin wakalar ele alynar.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym TIKA tarapyndan Mongoliýada durmuşa geçirilen taslamalaryň açylyşyna hem gatnaşar.

Türk we mongol işewür adamlar we Mongoliýanyň mediasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirjek Binali Ýyldyrym gadymy Türki dilli döwletler tarapyndan miras goýulyp gidilen ýazgylar bilen hem tanyş bolar.  



Degişli Habarlar