Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahat öz işini tamamlady

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň gatnaşmagyndaky Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahat paýtagt Ankarada öz işini tamamlady

944482
Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahat öz işini tamamlady

Maslahat Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşamagynda Prezident kompleksinde geçirildi.

Prezidentiň kompleksinde geçirilen we 1,5 sagat dowam eden maslahata Türkiýeden Baş ştaby başlygy Hulusi Akar, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan gatnaşdy.

Erdoganyň, Putiniň we Ruhaniniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagynyň geçirilmegine garaşylýar.

Siriýa bilen baglanşykly geçirilýän Ženewa gepleşiklerinden netije alynmazlygyndan soň, Üçtaraplaýyn maslahatyň ilkinjisi 22-nji noýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilipdi.


Etiketkalar: #Siriýa , #maslahat , #Soçi

Degişli Habarlar