“Şu gün gadyrly dostum Putin bilen Akguýu Atom elektrik bekediniň gurluşygyna badalga bereris”

Akguýu NGS-niň gurluşygynda 10 müň adam işlär

943091
“Şu gün gadyrly dostum Putin bilen Akguýu Atom elektrik bekediniň gurluşygyna badalga bereris”

 

Prezident R. T. Erdogan şu gün gurluşygyna badalga beriljek Akguýu Atom elektrik bekedi barada beýanat berdi.

Erdogan “Şu gün gadyrly dostum Wladimir Putin bilen birlikde Türkiýäniň we türk-rus gatnaşyklarynyň geljegi taýdan aýgytly ädim bolan gymmaty 20 milliard dollara barabar boljak Akguýunyň gurluşygyna badalga bereris” diýdi.

Erdogan Mersinde guruljak Akguýu Atom elektrik desgasynyň gurluşygyna şu gün başlanjakdygyny belledi.

Türkiýäniň Atom energiýasy gullugy düýn Akguýu Atom elektrik bekediniň birinji bölümi NGS-niň gurluşygyna başlanmagyna rugsat berdi.

Akguýu Atom elektrik bekediniň birinji bölümi Türkiýede sarp edilýän elektrik togunyň 10 göterimini öndürer.

Akguýu NGS-niň gurluşygynda 10 müň adam işlär.

60 ýylyň dowamynda elektrik toguny öndürjek bekediň ulanylmaga berilmeginden soň bolsa 3500 adam işlär.

Häzirki wagtda dünýäde 31 ýurtda 450 atom elektrik bekedi bar.

55 bekediň gurluşygy dowam edýär. Akguýu NGS bilen gurluşygy dowam edýän beketleriň sany 56 bolar.

 



Degişli Habarlar