Akkuýu atom elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berildi

Prezident R.T. Erdogan we Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin Akkuýu atom elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berdi

943697
Akkuýu atom elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berildi
akkuyu nukleer.jpg
akkuyu nukleer.jpg
akkuyu nukleer.jpg

Iki lider Mersindäki dabara Ankaradan göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli gatnaşdylar.

Gurluşyga badalga bermek dabarasyndan ozal çykyş eden Erdogan: “Taryhy bir pursada şaýatlyk edýäris. Akkuýu atom elektrik bekediniň gurluşygyna şu gün Putin bilen bilelikde badalga bermegiň bagtyýarlygyny ýaşaýaryn. 2017-nji ýylda 7,4 göterim ösüş etdik. Respublikamyzyň 100-nji ýylynda dünýäniň iň uly 10 ykdysadyýetiň biri bolmagy maksat edinýäris. Bu ýagdaý energetika zerurlygymyzyň artmagy manysyny aňladýar. Energetika howpsyzlygyň özgerdilmeginiň çäginde energetikanyň ähli ugurlarynda maýa goýumlar arakesmesiz dowam edýär” diýdi.

Akkuýu atom elektrik bekediniň Türkiýäniň elektrik tok zerurlygynyň 10 göterimini üpjün etjekdigini aýdan Erdogan atom elektrik bekediniň energetika howpsyzlygyna goşant goşjakdygyny we klimat çalşygynda hem möhüm rol oýnajakdygyny belledi.

Erdogan Russiýa bilen sebitleýin meseleler babatynda hem hyzmatdaşlyklaryny artdyryp dowam etmekde tutanýerlidiklerini nygtady.

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin hem dabarada eden çykyşynda Türkiýäniň ösen bir ýurtdygyny, atom elektrik bekediniň ýurt üçin täze bir başlangyç boljakdygyny belledi.

Akkuýu atom elektrik bekediniň howpsyzlyk standartlarynyň iň ýokary derejede boljakdygyny aýdan Putin: “Bu bekediň işläp başlamagy Türkiýäniň hem mümkinçiliklerini artdyrar. Ýurtlaryň ikisinde hem iş orunlary artar. Ýokary bilimli hünärmenleriň ýetişdirilmegi babatynda hem Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýäris” diýdi.

Russiýanyň uniwersitetlerinde 220-den gowrak türk talybyň ýadro tehnologiýa ugrunda bilim alýandygyny aýdan Putin Akkuýu atom elektrik bekediniň 2023-nji ýylda işlemäge başlajakdygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Akkuýu , #Mersin , #Erdogan , #Putin

Degişli Habarlar