Türkiýe öz sanjymlaryny özi öndürer

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Izmirde Ödemiş döwlet hassahanasynyň açylyş dabarasynda söz sözledi

941751
Türkiýe öz sanjymlaryny özi öndürer

Türkiýede saglygy goraýyş pudagynda uly hyzmatlaryň berilýändigini aýdan Binali Ýyldyrym saglygy goraýyşda Telemedesina ulgamyny durmuşa geçirendiklerini, mundan beýläk Ödemişde alynan medesina şekiliniň ýurdyň islendik ýerinde görüp boljakdygyny, tiz kömek ulagynda alynan EKG-niň lukmanlar tarapyndan görülip bilinjekdigini nygtady. 

"Bürmek, difteriýa ýaly sanjymlary 2019-njy ýyldan başlap Türkiýede öndüreris" diýen Ýyldyrym: "Farmasewtika pudagynda eden ädimlerimiz bilen 6 milliard lira pul tygşytladyk. Ýerlileşdirmek taslamasy bilen şu günki günde öndüren her bir guty dermanyň 80 göterimini özümiz öndürýäris. Lukmançylyk enjamlary, şekil enjamlary we derman önümçiligi bilen ýerli senagatymyza 6 milliard 900 million lira pul tygşytlaýarys. Şeýlelik bilen derman senagatymyzyň biotehnologiýa önümlerinde bir global merkez ýagdaýyna geljekdigimize ynanýaryn" diýdi. 

Hyzmatlaryny raýatlaryň razylygy we dogasy üçin edýändiklerini aýdan Binali Ýyldyrym ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmagy maksat edinýändiklerine ünsleri çekdi.



 



Degişli Habarlar