Prezident Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasyna çydam edip bilmeýänleriň aklyny döwrebap beduinlere meňzetdi

941658
Prezident Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T. Erdogan Stambul Ýeditepe Bienaliniň açylyşynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, serbitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly käbir töwerekleriň bilkastlaýyn ýagdaýda gara prpoganda alyp barýandygyny habar berdi.

Erdogan 2013-nji ýylyň tomus aýynda birnäçe agajyň ýeriniň üýtgedilmegini bahana edip, daşarky güýçleriň goldawy bilen başladylan Gezi wakalarynda edilen propogandany ýatlatdy.

Şoňa meňzeş ýalan habarlaryň indi bolsa Zeýtun şahajygy operasiýasyna goldaw beren sungat işgärlerine garşy edilmek islenýändigini aýdan Erdogan: “Bular milletimizden alan onça şarpyga garamazdan özlerine gelenoklar. Gezi wakalarynda edişleri ýaly Afrin üçin sebite giden sungat işgärlerimize garşy edýärler. Şoňa meňzeş ahlaksyzlygy şoňa meňzeş galtamançylygy edýärler” diýdi.

Operasiýa garşy gara propoganda alyp barýanlar bilen baglanşykly Erdogan: “Olar Zeýtun şahajygy operasiýasyna çydam edip bilmeýän döwrebap beduinler” diýdi.



Degişli Habarlar