Türkiýäniň Brýusseldäki ilçihanasyna hüjüm guraldy

Türkiýäniň Belgiýadaky ilçihanasyna 10-12 adamdan ybarat topar tarapyndan hüjüm guraldy

937393
Türkiýäniň Brýusseldäki ilçihanasyna hüjüm guraldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşygy bolandygy çak edilýän 10-12 adamdan ybarat topar düýn irden Türkiýäniň Brýusseldäki ilçihanasyna we Baş konsullygyna gyzyl reňkli boýaglar zyňyp hüjüm guradylar.

Hüjümden soň Polisiýa gullugynyň işgärleri wekilhanalara baryp derňew geçirdiler we bellige aldylar.

Ilçinanyň we konsullygyň binalary wakadan soň arassalandy.



Degişli Habarlar