Batmanda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Batman welaýatynda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

937145
Batmanda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştabynyň internet saýtynda düýn ýurdyň öz içinde geçirilen operasiýalar barada maglumat berildi.

Şoňa laýyklaykda Batman welaýatynyň Hasankeýf etrabyndaky howpsyzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 1 sany M-16 tüpeňi, 1 sany Kalaşnikow tüpeňi, 1 sany granat, 1 aragatnaşyk enjamy, 1 sany giýje dürbisi we ýaşaýyş üçin gerek bolan enjamlar ele salyndy.  

Diýarbakyr, Mardin we Hakkari welaýatlarynyň obalyk ýerlerinde Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýalarda elde ýasalan 10 bomba, Bitlisiň merkezinde we Hakkari welaýatynyň Şendinli etrabynda bolsa elde ýasalan 18 bomba, granatamýotyň oky we granat tapyldy.



Degişli Habarlar