“ÝB Kipr meselesinde bitaraplygyny ýitirdi”

Türkiýe ÝB-niň Kipr meselesinde bitaraplygyny ýitirendigini beýan etdi

936072
“ÝB Kipr meselesinde bitaraplygyny ýitirdi”

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Aksoý ÝB-niň ýolbaşçylarynyň düýn Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiren maslahatyna ünsi çekip, şol ýerde Türkiýä berilen ýüzlenmelere reaksiýa bildirdi.

Hami Aksoý: “ÝB Kipr meselesinde bitaraplygyny ýitirdi” diýdi.

Metbugat sekretary Aksoý: “ÝB-niň şeýle kararlary elbetde oňyn netije bermerz” diýip nygtady.

ÝB-niň 28 agzasynyň höklümet we döwlet baştutanlarynyň düýn Brýusselde geçiren maslahatyndan soň çap edilen jarnamada Türkiýe bilen bileleşigiň käbir agzalarynyň arasyndaky dartgynlyga üns çekilip, Türkiýäniň Egeý we Ortaýer deňzindäki “bir taraply nebit we tebigy gaz gözleg işleri bilen” bagly çäreleriniň “bikanundygy” öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar