Afrinde terrorçylardan bukulan maşgalalar türk esgerler tarapyndan halas edildi

Afrinde terrorçylardan goranmak üçin ýerzeminde bukulan maşgalalar türk esgerler tarapyndan halas edildi

932901
Afrinde terrorçylardan bukulan maşgalalar türk esgerler tarapyndan halas edildi

Siriýanyň Halap welaýatyna degişli Afrin etrap merkezinde Zeýtun şahajygy operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan şäherden çykmagyna rugsat berilmedik 7 maşgala diri galmak üçin binalarynyň ýerzemininde takmynan 1 aý bukuldylar.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň 20-nji ýanwarda Azat Siriýa goşunynyň kömegi bilen başladan operasiýanyň çäginde düýn terrorçylardan saplanan Afrinde terror guramasynyň basyşynyň astynda ençeme gün gorkyda ýaşan asuda ilat rahat ýaşamaga başlady.

Terrorçylaryň basyşlary sebäpli howpsyz ýerlere göçen asuda ilat etrap merkezine gaýdyp gelmäge başladylar.

Terrorçylaryň janly galkan hökmünde ulanmak üçin gitmeklerine rugsat berilmedik halk bolsa ýaralaryny saramaga başlady.   

Terroryň ajy ýüzi bilen uzak möhletläp ýaşamaga mejbur bolan we operasiýanyň başlamagyndan soň etrap merkezinden çykmaga synanyşan aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat asly kürt 35 adamdan ybarat 7 maşgala, ölmezlik üçin binalarynyň ýerzemin gatlarynda ýaşamaga mejbur galdylar.

Takmynan 1 aý ýerzeminde ýaşan maşgalalar, türk esgerleriniň etraba gelmegi bilen örän guwandylar.

Başyndan geçiren gam-gussaly günleri ýatdan çykarmak isleýän siriýalylar mundan soňky etapda özlerine gowy günleriň garaşýandygyna ynanýarlar.



Degişli Habarlar