Afriniň merkezine Türkiýäniň baýdagy asyldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň şäher merkezini garşylyk görkezilmeden ele geçirdi

932199
Afriniň merkezine Türkiýäniň baýdagy asyldy
afrin turk bayragi.jpg

Azat Siriýa goşuny Türkiýäniň wagty bilen sagat 05:00-da etrabyň töweregindäki liniýalardan şäheriň içine girmäge başladylar.

Takmynan 1 sagadyň dowamynda gündogar, günbatar we demirgazyk taraplardan hem şäheriň merkezine girilmäge başlandy. Şol wagtlar terrorçylar tarapyndan goýulan birnäçe mina partlady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Eşrefiýe, Mahmudiýe we Jemiliýe etrapçalary bilen gümrük we elektrik desgalaryny ele geçirdi.

Garşylyk görkezilmedik Azat Siriýa goşuny we Türkiýäniň Ýaragly güýçleri 08:30-da şäheriň merkezinde gözegçiligi doly ýagdaýda üpjün etdi.

Şäheriň merkeziniň gözegçiligini ele geçirilmeginden soň saplaýyş işleri başlady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny minalary we elde ýasalan partlaýjylary täsirsiz ýagdaýa getirmäge başlady.

Asuda ilata zeper ýetmezligi üçin ünsli çemeleşilýär.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda: “Afriniň şäher merkezinde gözegçilik doly ýagdaýda üpjün edildi. Minalaryň we elde ýasalan partlaýjylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin saplaýyş işleri geçirilýär” diýildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan gözegçilik astyna alynan Afriniň şäher merkezinde Türkiýäniň baýdagy asyldy.



Degişli Habarlar