ÝPG Munbiçden çekilenden soň Munbijiň howpsyzlygyny türk we amerikaly esgerler üpjün eder

Daşary işler ministri Çawuşogly Munbiç meselesinde Siriýanyň hökümetinden haýsydyr bir talaplarynyň ýokdygyny aýdan

928617
ÝPG Munbiçden çekilenden soň Munbijiň howpsyzlygyny türk we amerikaly esgerler üpjün eder

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG Munbiçden çekilenden soň Munbijiň howpsyzlygynyň türk we amerikaly esgerler tarapyndan üpjün ediljekdigini aýtdy.

Iş sapary bilen Russiýanyň paýtaty Moskwa giden Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen 19-njy martda Waşingtonda boljak duşuşygynda Munbiç meselesinde anyk kararyň kabul ediljekdigini belledi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “ÝPG Munbiçden çekilenden soň türk we amerikan esgerleri howpsyzlygy üpjün eder. ÝPG-nyň  çekilmegine gözegçilik ederis. ABŞ we Türkiýe Munbijiň howpsyzlygyny üpjün eder. Bu ulgamy ilkinji Munbiçde durmuşa geçireris soň beýleki ýerlerde Rakkada Ýefrat derýasynyň gündogarynda bu ulgamy durmuşa geçirip bileris” diýdi.

Munbiç meselesinde Siriýanyň hökümetinden haýsydyr bir talaplarynyň ýokdygyny aýdan Daşary işler ministri Çawuşogly Amerikan tarapynyň ÝPG-ä beren ýaraglarynyň yzyna alynmagyna gözegçilik etjekdiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar