PÝD-ÝPG-e agza terrorçylar Afrinden gaçmaga başladylar

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG-e agza terrorçylar Afrin sebitinden gaçmaga başladylar

926921
PÝD-ÝPG-e agza terrorçylar Afrinden gaçmaga başladylar

Zeýtun şahajygy operasiýasynyň dowam edýän Siriýanyň Afrin etrabynda terror guramasynyň etrapdaky liderleriniň ikisiniň guramadan gaçmaga synanyşandygy mälim edildi.

Anadoly habarlar agentliginiň Afrin etrabynda ynamly çeşmelerden alan maglumatyna görä gurama tarapyndan basylyp alynan etrapda guramanyň liderlerinden Said Ismet Gubar Afrini terk etdi.

Gubar gaçanyndan soň Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda diýip bilinýän, emma Eýran tarapyndan goldanýan ýaragly toparlaryň gözegçiligi astynda bolan Nubula geçdi.

Terror guramasy Gubary yzyna almak üçin Eýran tarapyndan goldanýan ýaragly toparlar bilen gepleşikler geçirýär.

Afrinden gaçan beýleki bir lider bolsa Hasan Baýram boldy. Afriniň Asada bagly güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýer bilen birikýän Ziýare gapysyndan çykmaga synanyşan Baýram ol ýerde ÝPG/PKK-nyň agzalary tarapyndan saklandy. Gaçmaga synanyşan Baýramyň ýanynda köp mukdarda pul bolandygy mälim boldy.

Beýleki tarapdan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen çüňke gysylan guramanyň Yrakda Kandil dagyndaky liderlerinden Afrine geçen köp sanda agzasynyň hem etrap merkezini terk etmäge başlandygy habar berildi.

20-nji ýanwarda başladylan operasiýada häzirki wagta çenli 3291 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň merkezine islendik pursat girip biler.


Etiketkalar: #PÝD , #PKK , #ÝPG , #lider , #gaçmak , #Afrin

Degişli Habarlar