Prezident Erdogan Boluda halka ýüzlendi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Raýýip Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 3300-e ýetendigini habar berdi

927147
Prezident Erdogan Boluda halka ýüzlendi

Erdogan Boluda halka ýüzlenip eden çykyşynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçip, operasiýanyň ynamly ädimler bilen dowam etdirilýändigini habar berdi.

Erdogan Afrin operasiýasyndan soň terrorçylardan saplanan sebitiň hakyky eýelerine beriljekdigini beýan etdi.

2016-njy ýylyň awgust aýynda başlap, 7 aý dowam eden Ýewfrat galkany operasiýasyny ýatladan Erdogan: “Jarablusda şolar ýaly bolmadymy, 140 müň adam ol ýere gaýdyp bardy, ol ýerlerde ýaşaýarlar. Afriniň halky hem öz öýlerine gaýdyp başlady. Biz merhemet dininiň agzalarydyrys. Bu ýoly erjellik, tutanýerlilik bilen ýöredik, ýöremegimizi hem dowam etdireris. Biz bu diniň agzalary hökmünde kiçijek hem bolsa egilşik etmeris” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Bolu , #Afrin , #awgust

Degişli Habarlar