Türkiýe Pentagona reaksiýa bildirdi...

Türkiýe gyzyl býulleten bilen gözlenýän terrorça “General” diýen Pentagona reaksiýa bildirdi

923767
Türkiýe Pentagona reaksiýa bildirdi...

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi polkownik Robert Menningiň ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Mazlum Kobani adyny ulanýan Şahin Jilo kodly Ferhad Abdi Şahine “General Mazlum” diýip ýüzlenmegine berk reaksiýa bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý ministrlikde geçiren ýygnagynda Menningiň “DAIŞ-e gönükme dowam etdigi saýyn General Mazlumy we siriýaly ýerli howpsyzlyk güýçlerini goldamagymyzy dowam etdireris” diýen sözlerine: “Pentagonyň metbugat geňeşçisi ýene-de samahyllamagyny dowam etdiripdir. PÝD/ÝPG-niň bir terror guramasydygyny ähliňiz örän gowy bilýärsiňiz. ABŞ-nyň resmi guramadyr-edaralaryna hem PÝD/ÝPG-niň PKK-nyň bir şahasydygyny subut edýän subutnamalar berildi. Pentagonyň metbugat geňeşçisiniň hem bu subutnamalardan habary bardygyny pikir edýärin” diýdi.

ABŞ bilen döredilen iş toparynyň 8-9-njy martda ýygnanjakdygyny ýatladan Hami Aksoý: “”ABŞ-nyň anyk ädimler etmegine, beren sözünde durmagyna garaşýarys. Maslahatda ABŞ tarapyndan PÝD/ÝPG-e berilen ýaraglar ele alynar. Ýaraglaryň yzyna alynmagyna garaşýarys” diýdi.

Iş toparynyň Siriýadaky soňky wakalary we Münbiç meselesini hem ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdan Hami Aksoý Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň 19-njy martda Waşingtonda duşyşyk geçirmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar