Prezident Erdogan ýene-de bir gezek “Dünýä bäşden uludyr” diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gabawy astyndaky Gündogar Gutada başdan geçirilýän adamzat krizisine çözgüt tapmaýan BMG-e nägilelik bildirip: “Dünýä bäşden uludyr” sözüni ýaňadandan gaýtalady

923793
Prezident Erdogan ýene-de bir gezek “Dünýä bäşden uludyr” diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan TBMM-de partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda 24-nji fewralda şenbe güni BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýa babatynda kabul eden od açmazlyk baradaky kararynyň ýola goýulmazlygyna we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Asada tabynlykdaky güýçleriň halkara ynsanperwer kömeklere päsgel bermegine sesini çykarmazlygyny tankyt etdi. 

Erdogan: “Gündogar Gutadaky wakalar adamzat gymmatlyklaryna bap gelýärmi? BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde karar kabul edýärler, ýere girsin siziň kararyňyz. Durmuşa geçirilmeýän kararyň adamzat üçin näme manysy bar. Siz adamzady aldaýarsyňyz, olary ýalňyşdyrýarsyňyz. Biz ýöne ýere Dünýä bäşden uludyr diýmeýäris” diýip belledi.

Türkiýäniň serhedaşa operasiýasynyň ençeme gatlagyň hakyky ýüzüni orta goýandygyny aýdan Erdogan: “ABŞ-de ýaşaýan bir adam döwletiň müňlerçe kilometr alysda geçirýän operasiýasyny öz howpsyzlygy hökmünde garaýar. Türkiýe herekede geçen mahaly bolsa eýýäm başga bir görnüş ýüze çykýar” diýdi.

Erdogan: “Türkiýäniň Afrinde Siriýada serhedinde näme etmek isleýändigini ýurdumyz we dostlarymyz örän gowy bilýär. Terror guramalarynyň arkasyndakylaram muny gowy bilýär” diýdi.

Siriýanyň demirgazygynda terroryň emele gelmegine rugsat bermejekdiklerini aýdan Erdogan: “Ýurdumyzyň serhedi boýunça gurulmaga synanyşylýan terror korridorynyň Başar Asad bilen umuman alynanda ylalaşylandygyna görä, ýeke täk bir maksat bolup biler, ol hem Türkiýedir. Afrinde ele geçiren ýerlerimizdäki ähli duzaklar ähli ýaraglar gynansagam ýurdumyza garşy çenelen” diýdi.



Degişli Habarlar