Prezident Erdogan fransuz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Siriýa barada pikir alyşdy

922666
Prezident Erdogan fransuz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Siriýa barada pikir alyşdy.

Mesele barasynda berlen beýanatda Prezident Erdoganyň telefon söhbetdeşliginde Afrika guran soňky sapary barada maglumat berendigi we iki kärdeşiň Siriýanyň Gündogar Guta etrabyndaky adamzat pajygasy hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

Prezident Erdogan bilen fransuz kärdeşi Makron BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň geçen aý kabul eden 2401 belgili kararynyň çäginde Gündogar Gutada hüjümleriň doly bes edilmegi we halka ynsanperwer kömeginin berilmegi üçin liderler derejesindäki diplomatik tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

Telefon söhbetdeşliginde Siriýa meselesinde Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň geljek aýyň aýynda Stambulda liderler derejesinde geçirjek üç taraplaýyn maslahaty barasynda durup geçen Prezident Erdogan, ýanwar aýynda Soçide kabul edilen Konstitutsiýa komitetiniň döredilmegi baradaky kararyň Ženewa etabyndan oňyn netije alynmagyna goşant goşjakdygyna ünsi çekdi.

Telefon söhbetdeşliginde iki lideriň Siriýa meslesinde dialogyň dowam etmegine ähmiýet berýändigi nygtaldy.

 Siriýanyň Afrin etrabynda terrorçylara garşy geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň Türkiýäniň milli howpsyzlygyna abanýan howpy ortadan aýrymak bilen birlikde sebitiň halkynyň durnuklylygyna goşan goşjakdygyna ünsi çeken Prezident Erdogan Fransiýanyň Burkina Fasodaky ilçihanasyna we medeniýet merkezine anna güni guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.



Degişli Habarlar