Erdogan "Türkiýe bilen Mawritaniýanyň arasynda gatnaşyklar özara bähbide esaslanar"

Nahardan soň iki kärdeş metbugata beýanat berdi

920380
Erdogan "Türkiýe bilen Mawritaniýanyň arasynda gatnaşyklar özara bähbide esaslanar"

Resmi sapar bilen Mawritaniýa giden Prezident R. T. Erdogan Prezident köşgünde kärdeşi Muhammed Weled Abdulaziz tarapyndan hormatyna berlen agşam naharyna gatnaşdy.

Nahardan soň iki kärdeş metbugata beýanat berdi.

Türkiýe bilen Mawritaniýanyň arasynda gatnaşyklaryň özara bähbide esaslanjakdygyny aýdan Erdogan, türk hususy pudagyny maýa goýumlaryny artdyrmaklary üçin höwelendirjekdiklerini belledi.

Dekabr aýynda Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň işewür adamlary bilen Mawritaniýada saparda bolandygyny ýatladan Prezident Erdogan şu gün hem saparyna ýoldaşlyk edýän türk telekeçileriniň Mawritaniýaly işewür adamlar bilen birlikde maslahat geçirendiklerini belledi.

Soňky döwürde balykçylyk pudagynda gatnaşyklaryň ösýändigini aýdan Erdogan “Häzirki wagtda 40-dan gowrak balykçy gämimiz Mawritaniýada iş alyp barýar. Mawritaniýanyň magdan senagaty taýdan uly mümkinçilige eýedigini bilýärin. Türkiýe magdan senagaty uly tejribe gazandy. Biz Mawritaniýaly doganlarymyz bilen bu ugurda tejribe alyşmak isleýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Ýakynda Bilelelikdäki ykdysady komissiýanyň ilkinji maslahatyny geçireris. Şu gün iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagyndan oba hojalyga, ykdysadyýetden magdançylyga çenli birnäçe ugur boýunça dürli şertnamalara we teswirnamalara gol çekişildi. Şol şertnamalaryň güýje girmegi bilen gatnaşyklarymyz has-da öser” diýip belledi.

Erdogan  Türk Howa Ýollarynyň Nowakşota uçar saparlaryny guramagynyň ykdysady gatnaşyklarde ýeten sepgidiň görkezijisigine ünsi çekdi.

Goranyş senagaty taýdan hem Mawritaniýa bilen tejribe alyşmak isleýändiklerini aýdan Erdogan “Türkiýe bu ugurda soňky ýyllarda uly öňe gidişlik etdi. Türkiýe kenarýaka ýurtlarynyň başdan geçirýän terror howpuna doly göz ýetirip bilýär. Jenap Prezidentimiziň  tagallasy netijesinde döredilen G5 Bilelikdäki kenarýaka güýje  geçen hepde 5 million dollarlyk kömek berjekdigimizi mälim etdik” diýip belledi.

Türkiýäniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyna sezewar bolandygyny ýatladan Erdogan “15-nji iýul biziň üçin şol bir wagtda dostlarymyzyň meýdanlara çykan gijesidir. Men jenap kärdeşime ýurdumyza beren goldawlary üçin ýene-de bir gezek sag bolsun aýdýaryn.  Mawritaniýaly ýolbaşçylaryň FETÖ garşy göreşde bize berýän goldawlary üçin hem minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Çykyşynda Iýerusalymyň ähmiýetine ünsi çeken Prezident Erdogan Iýerusalymyň şol bir wagtda hristian dünýäsi üçin hem mukaddes ýerlerden biridigini ýatlatdy.

Prezident R. T. Erdogan “Iýerusalym meselesinde asla egilşik etmeris” diýdi.



Degişli Habarlar