Bütindünýä Yslam Forumynyň 8-njisi mart aýynyň 1-2-si aralygynda geçiriler

Forumyň temasy “Teoriýada we İş Ýüzünde Ruhani Awtoritar hem-de Utgaşyklyk” hökmünde kesgitlendi

918595
Bütindünýä Yslam Forumynyň 8-njisi mart aýynyň 1-2-si aralygynda geçiriler

Forum bilen şol bir wagtda “Bütindünýä musulman zenanlarynyň maslahaty we Musulman ýaşlar maslahaty hem-de sergileri” guralar.

Şeýle-de “Musulman dünýäsiniň Stambul baýraklarynyň üçünjisi”, “Bütindünýä Yslam forumynyň ygtyýarly adamlar geňeşiniň 9-njy mejlisi” we “Osman döwletinde tasawwufyň konstruktiw gönükdirlişi” temaly simpozium hem geçiriler.

Forumyň dowamynda hünärmen toparlar tarapyndan “Bütindünýä gurhan sagady”, “Yslam sungatlarynyň Hatdatlyk we ebru boýunça amaly sergisi”, “Gülşah we Warka mesnewisiniň beýanlary sergisi”, “Mesnewi sema görkezlişi”, “Malaýziýanyň söweş sungatlary görkezlişi” ýaly çäreler hem guralar.

Bütindünýä Yslam Forumy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň wekilleri bilen dünýäniň ähli ýerlerinden musulman dünýäsiniň pikir we düşünje öňbaşçylaryny, ylmy-barlag guramalaryny köp ugurly temalarda bir ýere jemläp, umumy gün tertibini we sosial-ykdysady utgaşyklygyň çuňlaşdyrylmagyna strategik goşant goşýan global çärelerden biri.


Etiketkalar: #forum , #Stambul , #ýaşlar , #musulman

Degişli Habarlar