“Afrindäki operasiýanyň maksady asuda ilaty terror guramalaryndan halas etmek”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Afrindäki Zeýtun şahajygy operasiýasynyň maksadynyň asuda ilaty terror guramalaryndan halas etmekdigini belledi

919315
“Afrindäki operasiýanyň maksady asuda ilaty terror guramalaryndan halas etmek”

Binali Ýyldyrym Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda söz sözledi.

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçdi.

Operasiýanyň 39 gün bäri dowam edýändigini, operasiýanyň howadan we gury ýerden üstünlikli we tutanýerlilik bilen dowam etdirilýändigini aýdan Ýyldyrym: “Afrin ýarym aý ýaly gabaw astyna alyndy. Serhet dolulygyna terrorçylardan saplandy. Indi bolsa Ýöriteleşdirilen toparlarymyz ýuwaş-ýuwaşda sebiti saplaýar. PKK, PÝD, DAIŞ asuda ilata ezýet berýär, adamlary öýlerinden we ýaşaýan sebitinden göçürýär. Sebitiň ýaşaýjylarynyň 60 göterimi öýlerini terk etdi” diýdi.

BMG-nyň Asada bagly güýçleriň gabawy astyndaky Siriýanyň paýtagty Damaskyň Gündogar Guta etrabynda şenbe güni 30 günlik möhlet bilen yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşygyň hem üstünde durup geçen Binali Ýyldyrym: “Häzirki wagtda Gündogar Gutada adamzat dramasy we aýby başdan geçirilýär. Ol ýerdäki çagalara, zenanlara we ýaralananlara ynsanperwer kömek hem berilenok. Bu kararyň maksady hüjümlerden we gyrgynçylykdan ýadan sebite gyssagly ýagdaýda ynsanperwer kömegiň ýetirilmeginden we ýaralanan adamlara, çagalara kömek berilmeginden ybarat. Emma karar kabul edilmegine garamazdan Asada bagly güýçleriň Gündogar Guta hüjümleri dowam edýär. Himiki ýaraglaryň ulanylandygy barada öňe sürmeler bar” diýdi.



Degişli Habarlar