1 hepde-de terrora garşy geçirlen operasiýalarda 31 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýede soňky 1 hepde-de terrora garşy geçirlen operasiýalarda 31 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

918497
1 hepde-de terrora garşy geçirlen operasiýalarda 31 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä, fewral aýynyň 19-26-sy aralygynda ekstremist terror guramalaryna garşy içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Türk ýaragly güýçleri howadan we gury ýerden 1061 operasiýa geçirildi.

Operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a ýardam berendigi sebäpli 259, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykly 53, Fetullahçy terror guramasy/Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşiň çäginde 646, çepçi terror guramasy bilen arabaglanşykly hem 28 adam saklandy.

Operasiýalarda 986-sy terrorçylykly jenaýatlar, 91-i bikanun göç we 3844-i neşe we ynsan söwdasy jenaýatlary sebäpli 4921 adam tussag edildi.

Içerki howpsyzlyk operasiýalarynda 3-i öli, 7-si sag we 21-i boýun egmek bilen jemi 31 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mardin, Tunjeli, Şyrnak, Bitlis, Diýarbakyr, Hakkari we Wan welaýatlarynda geçirlen operasiýalarda terror guramalary tarapyndan ulanylan 26 gowak bilen gaçybatalga habardan çykaryldy, 8 partlaýjy madda bilen mina hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howpsyzlyk güýçleri partlaýjy ýasamakda ulanylýan 1 tonna 441 kilogram  madda bilen birlikde köp sanly ýag we ok-däri ele geçirdi.

 



Degişli Habarlar