"ABŞ-nyň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigi baradaky beýanaty örän aladalandyryjy"

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi: "ABŞ-nyň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigi baradaky beýanaty örän aladalandyryjy" diýip belledi

917354
"ABŞ-nyň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigi baradaky beýanaty örän aladalandyryjy"

Türkiýe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigi baradaky beýanatynyň örän aladalandyryjydygyny belledi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda ABŞ-nyň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny maý aýynda Iýerusalime göçürjekdigi baradaky beýanaty bilen bagly: “ABŞ-nyň örän aladalandryjy kararyna garşy Türkiýe Palestinanyň halkynyň kanuny hukuklarynyň goralmagy üçin halkara jemgyýetiň aglabasy bilen bilelikde tagallasyny dowam etdirer” diýildi.

Beýanatda ABŞ-nyň bu karary bilen halkara hukugy, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Iýerusalim bilen baglanşykly kararlaryny we BMG-nyň esasly parametrleriniň düzgünini bozup parahatçylyk etabynyň düýbüni gowşadýandygyny görkezýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar