Gündogar Gutanyň halky Prezident Erdogandan kömege garaşýar

Gündogar Gutadaky ýerli mejlis adamzat pajygasynyň öňüniň alynmagy üçin Prezident Erdogana çagyryş berdi

916368
Gündogar Gutanyň halky Prezident Erdogandan kömege garaşýar

 

Siriýanyň hökümetiniň gabawy astyndaky Gündogar Gutadaky ýerli mejlis, hüjümleriň we gabawyň bes edilmegi, adamzat pajygasynyň öňüniň alynmagy üçin Prezident R. T. Erdogana çagyryş berdi.

Oppozisionerlerden ybarat ýerli mejlisiň Prezident Erdogana beren çagyryşy barasyndaky ýazmaça beýanatynda Siriýanyň hökümetiniň we hökümete goldaw berýän eýranly güýçleriň Gündogar Gutada has uly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi nygtaldy.

5 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gabaw sebäpli esasan zenanlaryň we çagalaryň uly ýitgi çekýändigi nygtalan beýanatda, Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýa degişli harby uçarlaryň hassahanalara hüjüm guraýandygyna üns çekildi.

Beýanatda “Paýtagt Damaskyň çetki etrabyndaky ýerli mejlisiň adyndan, musulman dünýäsinde we halkara jemgyýetçiliginde uly rol oýnaýandygyňyz sebäpli, asuda ilaty guramak üçin gyssagly işe girişilmegi, hökümete we oňa goldaw berýän eýranly güýçlere garşy basyş edilmegi üçin size çagyryş berýäris. Gündogar Gutanyň halky hökmünde gyssagly işe girişmegiňize garaşýarys. Has uly adamzat pajygasynyň öňüniň alynmagy üçin sizden uly umyt bilen kömege garaşýarys”diýildi.

Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Gündogar Gutada 400 müň adam ýaşaýar.

Asada tabynlykdaky güýçler Gündogar Gutada soňky 3 günde asuda ilatdan 250-den gowrak adamy öldürdi, 22 hassahanany nyşana aldy.

 



Degişli Habarlar