Prezident Erdogan dünýä çempiony asly siriýaly boksçy Mahmut Ömer Manuel JCharry kabul etdi

Char rus bokçy Aleksander Ustinowy ýeňip ilkinji gezek dünýä çempiony bolan guşaklaryny Prezident Erdogana sowgat etdi

915524
Prezident Erdogan dünýä çempiony asly siriýaly boksçy Mahmut Ömer Manuel JCharry kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan dünýä çempiony asly siriýaly boksçy Mahmut Ömer Manuel JCharry kabul etdi.

Prezidentiň kompleksinde metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen kabul edilşikde Char rus bokçy Aleksander Ustinowy ýeňip ilkinji gezek dünýä çempiony bolan guşaklaryny Prezident Erdogana sowgat etdi.

Guşaklaryň ýüzünde mehrum boksçy Muhammed Ali bilen Prezident Erdoganyň foto suratlary ýer alýar.

Kabul edilşige Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak hem gatnaşdy.

Dünýä çempiony boksçy Char ozal beren beýanatynda gazanan guşaklaryny siriýalylar üçin edýän tagallasy sebäpli sag bolsun aýtmak üçin türk halkyna we Prezident Erdogana sowgat etmek isleýändigini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar