Türkiýäniň Prezidentiniň Watikan sapary dowam edýär

Prezident Erdogan Watikan saparyndan soň Italiýa geçer

903966
Türkiýäniň Prezidentiniň Watikan sapary dowam edýär

Resmi sapar bilen Watikana baran Prezident R.T. Erdogan Watikanyň Döwlet sekretary Kardinal Pietro Parolini kabul etdi.

Erdoganyň Apostol köşgünde metbugata ýapyk häsýetde geçen kabul edilşigi 1 sagat 10 minut dowam etdi.

Prezident Erdogan Watikan saparyndan soň Italiýa geçip, Prezident köşgünde ýurdyň Prezidenti Sergio Mattarella bilen ikiçäk duşuşyk geçirer we kärdeşi bilen iş naharyna gatnaşar.

Prezident Erdogan Premýer ministrlik köşgünde Italiýanyň Premýer ministri Paolo Gentiloni bilen geçirjek duşuşygyndan soň, Italiýanyň uly kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar.


Etiketkalar: #Watikan , #sapar , #Italiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar