Wise-premýer Bozdag gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi

Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Bozdag hususy telewideniýeleriň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi

903103
Wise-premýer Bozdag gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi

Wise-premýer Bekir Bozdag ÝPG/PÝD terror guramasynyň uniformasyny geýen ABŞ-ly esgerleriň hem sebitde nyşana alynjakdygyny belledi.

Bekir Bozdag: “Bular ýaly uniforma bilen öňümize çyksa, islemesegem nyşana astyna alynarlar” diýdi.

Bekir Bozdag: “Münbiç terrorçylardan saplanmasa ol ýere gireris” diýip belledi.

Bozdag ABŞ tarapyndan terror guramasy ÝPG/PÝD-e berilen ýaraglaryň söweş meýdanyndadygyny nygtady.

Bekir Bozdag düýn şehit bolan esgerlere garşy guralan hüjümde ulanylan ýaraglaryň haýsy ýurda degişlidigini derňeýändiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar