Türkiýäniň Prezidenti Watikana we Italiýa sapar gurar

R.T. Erdogan Watikana 4-5-nji fewralda gurajak resmi saparynda Papa Fransisk bilen, Rimde bolsa Italiýanyň Prezidenti Serdžo Mattarella bilen duşuşyk geçirer

901621
Türkiýäniň Prezidenti Watikana we Italiýa sapar gurar

Prezidentiň Metbugat merkezinden alynan maglumata görä duşuşykda Türkiýe-Watikan gatnaşyklary, Iýerusalim bilen bagly soňky wakalar, sebitleýin meseleler, Siriýada başdan geçirilýän adamzat tragediýasy, terror, daşary ýurt duşmançylygy we Yslam düşmançylygyna garşy göreş ýaly meseleler ele alynar.

Prezident Erdoganyň sapary 59 ýyl arakesmeden soň Türkiýeden Watikana Prezident derejesinde guralan saparyň ikinjisi bolar.

Prezident Erdogan Watikan saparyndan soň Rimde Italiýanyň Prezidenti Serdžo Mattarella bilen iş naharynda duşuşyk geçirer we Italiýanyň Premýer ministri Paolo Jentilonini kabul eder.

Türkiýe bilen Italiýanyň arasynda syýasy, ykdysady, goranyş senagaty ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ara alynyp maslahatlaşyljak duşuşykda Siriýa, Yrak we Liwiýadaky soňky wakalar, Iýerusalim, terrora we bikanun göç edilşige garşy göreşde hyzmatdaşlyk, Türkiýe-ÝB ýaly iki ýurdyň hem gün tertibinde bolan meseleler barada maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň Rima gurajak saparynda Italiýanyň uly kärhanalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etmegine hem garaşylýar.



Degişli Habarlar