Kilise guralan raketaly hüjümde 4 adam ýaralandy

Ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylaryň Siriýanyň Afrin sebitiniň golaýyndaky, serhediň Türkiýe tarapyndan Kilis welaýatyna guran raketaly hüjüminde 4 adam ýaralandy

901829
Kilise guralan raketaly hüjümde 4 adam ýaralandy

Afrindäki ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ýerli wagt bilen sagat 17:40-da atan raketalary bir iş ýerine we bir öýe degdi.

Saglygy goraýyş işgärleri iş ýerinden 4 ýaraly adamy çykardylar. 

Ýaralanan adamlar Kilis döwlet hassahanasyna alynyp gidildi. 

Kilis welaýatynyň gubernatory Mehmet Tekinarslan: "2 raketa bir öýe we bir naharhana degdi, 4 adam ýaralandy" diýdi. 

Tekinarslan polisiýa işgärleriniň derňew işiniň dowam edýändigini belledi. 

Beýleki tarapdan serhede ýerleşdirilen artilleriýa toplary raketanyň atylan ýerlerine artykmajy bilen jogap berip, hüjüm guradylar. 


Etiketkalar: #Kilis , #naharhana , #iş ýeri

Degişli Habarlar