Siriýadan Kilis welaýatyna bu gün hem raketaly hüjüm guraldy

Siriýanyň Afrin sebitindäki terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylar Türkiýäniň Kilis welaýatyna ýene-de raketaly hüjüm guradylar

899750
Siriýadan Kilis welaýatyna bu gün hem raketaly hüjüm guraldy

Afrin sebitindäki terrorçylar ýerli wagt bilen sagat 10:20-de Kilisiň Şyh Mehmet etrapçasyna raketaly hüjüm guradylar.

Zeýtun agaçly ekin meýdanyna gaçan we partlaýan raketa sebäpli ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok.

Polisiýa gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde derňew geçirýärler.

Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli serhetde ýerleşdirilen gaubisalar hüjümiň guralan ýerine artykmajy bilen hüjüm guradylar.

Beýleki tarapdan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başlan gününden bäri Kilise 20 raketa atyldy. Hüjümlerde 1-i siriýaly bolan jemi 2 adam ýogaldy, 21 adam bolsa ýaralandy.


Etiketkalar: #Afrin , #sebit , #raketa , #Kilis

Degişli Habarlar