Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde PKK-a degişli 11 ýer nyşana alyndy

Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a degişli ýerler nyşana alynmaga dowam edýär

898919
Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde PKK-a degişli 11 ýer nyşana alyndy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil we Asos etrapçalaryna guralan howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a degişli 11 ýer nyşana alyndy.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a degişli ýerler nyşana alynmaga dowam edýär.

Terror guramasynyň Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil we Asos etrapçalarynda serhet ýakasyndaky howpsyzlyk güýçlerine we harby merkeze hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändiginiň anyklanylmagyndan soň guralan howa hüjüminde PKK-ly terrorçylaryň gaçybatalgalary, gowaklary we ýarag ammarlary nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Wezipelerini üstünlikli tamamlan harby uçarlar bazalaryna gaýdyp geldi.

 



Degişli Habarlar