Mewlüt Çawuşogly Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

898561
Mewlüt Çawuşogly Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Siriýanyň Milli dialog kogresiniň taýarlyklary boldy.

Kongresiň bolmagy ähtimal netijeleri barada pikir alyşylandygy mälim edildi.

Iki ministr mundan başgada Siriýadaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Siriýanyň Milli dialog kongresi 29-30-nji ýanwar aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriler.



Degişli Habarlar