Afrindäki Burseýa dagy PKK/PÝD-a agza terrorçylardan basylyp alyndy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Zeýtun şahajygy operasiýasynda Afriniň demirgazyk-gündogaryndaky strategik taýdan wajyp bir ýer bolan Burseýa dagyny basyp aldy

898733
Afrindäki Burseýa dagy PKK/PÝD-a agza terrorçylardan basylyp alyndy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň gündogaryndaky Azezden şu gün irden terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrroçylaryň gözegçiligi astynda bolan Burseýa dagyna garşy operasiýa başlatdy.

Söweşiň dowam edýän ýerindäki Anadoly habarlar agentliginiň işgärleriniň berýän habaryna görä strategik taýdan wajyp bir ýer bolan Burseýa dagyny basylyp alyndy.

Terror guramasy Burseýa dagynyň hem Türkiýäniň Kilis welaýatynyň merkezi hem-de oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Azez etrabyna ýakyn bolanlygy sebäpli golaýdaky ýaşaýyş ýerlerine raketalar, toplar we minomýotlar bilen hüjüm guraýardy.

Düýn gije artilleriýa we howa hüjümleri bilen nyşana alynan Burseýa dagyna garşy operasiýa bilen başlan operasiýanyň 9-njy gününde Burseýa dagy bilen birlikde Afriniň 5 etrabynda 13-i oba, 1-i kiçiräk oba we strategik taýdan wajyp  4 depe bolmak bilen jemi 18 aýry ýer terror guramasyndan saplandy.

TÝG we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşuny operasiýanyň ozalky günlerinde Bülbül etrabynyň Şengal, Zehran, Bali Köý, Kurni, Haý Ogly, Heftar, Ursa obalaryny we Kürdo obasyny, Raju etrabynyň Edamanly, Ali Bekki, Bilal Köý, Ömer Uşagy, Mamel Uşagy, 740-njy depe, Şeýh Hadid etrapçasynyň Kara Mitlak, Jinderes etrabynda bolsa Hammam obasy bilen Mersides depesini basyp aldy.

Berilen beýanatda diňe terrorçylara degişli ýerleriň nyşana alynýandygy, asuda ilata zeper ýetmezligi üçin ähli çäreleriň görülýändigi habar berildi.



Degişli Habarlar